Iki adam
Iki adam gygyryşdy,
birisi men diýdi hudaý,
beýlekisi ýok, men diýdi,
iki adam çydamady kemsitmä,
heý, beýle-de äsgermezlik bolarmy,
iki adam çydamady agyra,
bir-birege ýumruk saldy, uruşdy,
bir söz diýse, iki diýip sözüne,
gum sepdiler bir-biregiň gözüne,
tapan daş-kesegin zyňdylar batly,
çöp-çalamy sowurdylar, seçdiler,
gylyjy, hanjary bolsa saljakdy,
ýa topy, tüpeňi bolsa atjakdy,
uçurjakdy bolsa uçary eger,
ýa taşlajak bir-biriniň üstüne
bombalary bolsa niçik,
o nähili beýle bolýar,
bu nähili beýle bolýar,
men hudaý-da-men alla,
iki adam gygyryşdy, uruşdy,
bir-birini bilmän aldap.