37
37, düşünýärin indi men,
obadaşlar, ata-baba gatnaşan,
ýa şäherde goňşy-golam, kärdeşler,
duz iýişen, iç döküşen,
namaz okan, arak içen bileje,
neneň edip biri-birini satdy,
neneň edip durdy ýüzüne merdiň,
neneň edip biri-birin ýok etdi,
çagalary, aýallary, garryny
neneň edip gara çukura itdi,
hökümetiň pili bilen gazylan,
kolhoz, sowhoz gulçulygna,
neneň edip millet meýletin gitdi?
37, düşünýärin indi men,
düşünýärin betbagtlyga, bagta-da,
betbagtlyk betbagtlyk däl eken ile,
kesekiden, basyp alandan gelen,
toply-tophanaly goşuny bilen,
ýa-da kommunistden, kompartiýadan,
birazajyk soňra adyn üýtgeden,
betbagtlygy betbagtlyga begenýän,
ondan peýda görýän bölegi iliň,
uly-kiçi, tapawudy ýok asla,
islendik wezipe talaň bolanda,
eziji bolanda halkyna häkim,
a ezilýän wezipesiz, emelsiz,
37, açman ýuman gözümiz,
seni dogran keseki däl, özümiz!