Rumy bilen söhbet

Arada Rumy bilen gürleşdim,
säher çagy, ýarym oýa, ukuda,
ol başyňdan bela inse, ýaradan,
diýme diýdi uly bela uçradym,
oňa derek bela ýüzlen, diý diýdi:
gorar meni beýik biribar, hudaý!

Soň diýdi ol ýalňyzlygyň ýamany
galmak bolar saňa, seniň sözüňe,
niýetiňe düşünmezler içinde,
hem diýdi ümsümlik taňrynyň dili,
a galany terjimedir bolgusyz,
gerekmejek hiç geçegçiň göçünde.

Diýdi munda sen nämäni gözleseň,
olam seni gözleýändir ýaltanman,
hemem diliň dişlemezden öňürti,
ýüregiňi dişle, niýetiň düzet,
sebäbi söz gaýdýar ýürekden başda,
a soň dilden sypyp, öwrülýär palta.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024