Basybalyjy TW

Sesini çykaryp bilýän,
aýdyp bilýän sözüni,
iň bolmanda synanýan,
ulus iller dymýan wagty,
dönük bolup özüne,
depesinden basylanda,
talananda çagasynyň geljegi,
gürläp bilýän iki-ýeke,
adam ýaly, elbetde,
şermende däl, nadara däl,
her sözüne jogap berýän dürdäne,
her näçe ýanasyn basybalyjy,
türmesine ýa tankyna daýanyp,
halka garşy, belki, özüne garşy,
şyltak atsyn ýa öldürsin, ýekirlen
haýyn däldir, bolmaz asla hiç haçan,
bir gowy zat - basybalyjy TW,
sary towuk bolar öz aýbyn açan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020