Ýokardaky we aşakdaky mesele

Ýokarda birleri daşy
demir gala goragly,
aşakdaky ýeňiýoluk köplükden,
içjek suwy, iýjek çöregi gaýgy,
gorkýan bolsa dik oturyp gijeler,
pil peşeden gorkan ýaly,
daşyna üýşürip maly,
gülme oňa bakyp daşdan,
belki, gorkusynyň sebäbi bardyr,
hemem diňe öz gözüňden seretme,
öz göwnünden garap görjek bol oňa,
aşakda birleri aç ýatsa uzak,
ýokarda birleri kyn ýeter daňa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020