Biljek bolsaň
Öz iliňi biljek, tanajak bolsaň,
görjek bolsaň ýüregini milletiň,
pälini, niýetin, belki,
ynanma allany, haky çagyrsa,
allasy, imany malmy ýa şöhrat,
gözüňi ýetirmän ilki,
mediada işle birsellem baryp,
ýazyjysy, şahyr bilen,
suratkeşi, aktýory, halyçy,
suwçy, traktorçy, agronom bilen
söhbetdeş bol, gürleş hemem düşüniş,
synla, seret kim nämeden zeýrenýär,
kim özünden, kim başgadan nägile,
soň köşge bar, içine gir ýagynyň,
gözlerine seret döwletbaşynyň,
sözlerini terezä sal, deňeşdir
edýän işi bilen günde-günaşa,
a soňundan içiňdäki,
ýürekdäki pitnä goşul, türmä düş,
seret döwletiňe daşdan däl, içden,
gör, ol niresinden, nädip çüýredi,
hukuk fakulteti nätdi milleti,
diplom berip baý ogluna, gyzyna,
soňra ötünç sora çöküp dyzyňa,
gaç ýurduňdan başyň alyp,
ýat illerde otur, oýlan,
derman gözle il derdine,
görüş, gürleş umyt bolsa çalaja,
ildeş ýa däl, adam bolsa,
düşýän bolsa adam dilne,
ýöne gowusyrap, erbetlik edýän
edermen, gahryman ýanyna gelme,
barma ýanna bukulýanyň, busýanyň,
eli gelse, çemçe, kaşyk däl ýöne,
durşy bilen susak bolup susýanyň,
soňra gygyrýanyň adalat hakda,
ägä bol adamdan gürlese ökde,
hem hiç haçan, eger-eger kembaha
garama köpelse narsisist, göýdük,
hiç şübhäň bolmasyn olar
ogurlamaz öz-özüniň ömrüni,
ölmez-gülmez etmez ilini diýip,
ýurduny söýýäniň donuny geýip.