Baky başlyk
Düşüniň, ol taşlap gidip bilmeýär,
mähribanyn, eziz halkyn hossarsyz,
heý, bolarmy garyp, pukara ili,
gara gorka gapgarylan ýüz ýyllap,
suw, çörek diýmäge ysmaýan dili,
eneleri çaga dogran bir, iki...
jaýsyz, pulsuz, gara günde taşlamak,
bolmazmy bu baş başlyga kaşlamak?
Ol gidip bilmeýär hut şunuň üçin,
dogry, kän ýalňyşlyk boldy işinde,
ilki özi doýjak boldy, düşüniň,
soň doýurdy töweregin, daşyny,
belki, işi çenden, çakdan kän boldy,
ile-güne galdyrmady başyny,
indi basym dynç alyşa çykmaly,
ýaşy bir çen, saglygy-da gowy däl,
üstesine, gazanyn iýmeli,
gezmeli başarsa, puly bar çünki,
ýöne gitse, goýjaklarmy gününe,
ýa sud-sorag, seniňki däl, meniňki,
dawa-jenjel köpeljekmi, belli däl,
düýnki dostlar duşman bolsa kim bilýär?
Düşüniň, ol taşlap gidip bilmeýär,
gorkýar gitse, ýa gitmese, parhy ýok,
beýle beti hatda ýygnamaz taňry,
ol hemmäni öldürýänçä ölmeýär...