Ýerinden turmadygyň problemasy
Ýerinden turany uranda köplük,
ýüzüne ýa ýeňsesinden,
şarpyk çalyp ýa ýaňsylap,
ýa-da ýöne gaşyn çytyp, halaman,
keýpine, bahyllyk edip,
soragyna seňrik ýygryp içinden,
ýekirende ýerden turany köplük,
ýa sesini çykarany,
ýa agzyny açany,
sorag berjek bolup çala,
pikir etme ýeke ýigit ýykylýar,
galýar aýak astynda,
bu köplügiň ýeňlişidir aslynda,
özgeden däl, öz-özünden,
ýa-da çekişidir öz-özün yza,
şeýle boldy, şeýle bolar hemişe,
millet millet bolman çökende dyza.