Azaşmajak adam

Tüweleme, azaşmak
aladasy ýok kişiň,
ýa gaýgysy, gamy ýok,
gijä galmak, eglenmek,
sebäbi hiç ýere howlukmaýar ol,
ýa-da barjak, görjek ýeri ýok asla,
gitmekçi däl ertir ýa-da birigün,
üstesine giden-gelene baryp,
sorajak bolanok, biljek bolanok,
neden beýle gara başagaý iller,
aýtmasy kyn, gynanmaly adammy,
gözüň gitmelimi ýa-da,
adam gören ýaly seretseň daşdan,
a siňe seretseň, adamsyz ada.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019