Olar ezijini gowy gördüler

Olar ezijini gowy gördüler,
olar kemsideni gowy gördüler,
depeläni depä çykyp,
eziz gördüler olar;
olar ýalançyny gowy gördüler,
olar talaňçyny gowy gördüler,
göterdiler ellerinde,
oturtdylar başlarynda,
her sözüne gülüp bakyp,
kümsügi, egsigi mertden
ileri tutdular olar,
aýdym aýdyp şanyna,
çünki başga zady aýdyp bolmady,
ebeteýin tapmadylar,
ýa aýdanlar çykdy başga ýerlerden,
haka garaşylan boldy şermende,
öldi pahyr ahyrynda,
ölmejek ýalydy ýogsa,
alkyş bilen är gögerse,
çykmalydy gabryn böwsüp,
böwsen ýaly asfalty,
ýa-da gelmek islemedi,
ýöne meger yzynda
galanlara dözmedi ol,
geler ýaly edip gitdi birini,
özi ýaly, ýa-da özünden beter,
olar ýene begendiler el çarpyp,
ýasdan çykyp iki günde,
eder-eder, her kim özüne eder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024