Ýüregi salyk
’Göreşip bilemok’ diýýän adamdan,
hem zeýrenýän tükeniksiz
aýalyndan, agasyndan,
ýa ulalan çagasyndan,
goňşusyndan üstesine,
başlygyndan işindäki,
hyrsyzlardan düýşündäki,
dostlaryndan, duşmanyndan,
puşmanyndan zeýrenýänden
gaç başarsaň daşyraga,
okla özüň suwly ýaba,
diý-de ’meni ýaşyr, aga!’;
zeýranýän, nalaýan soňsuz,
bir gezek däl, ýa iki däl,
bolan bolup ejiz, pespäl,
öňýetene derdin aýdyp aglaýan,
gözi ýaşsyz ýeke damja,
doganyňam bolsa, dostuňam bolsa,
gaç başarsaň başyň alyp,
sebäbi ol hassadyr,
dermany ýok bu dünýede,
ýokuşdyrar derdini,
ýüzi däl, ýüregi salyk.