Bagt näme?

Bagtyýarlyk näme,
näme berkarar,
ýa murtuny palta çapmaz,
Görogly beg bolmak munda,
baý, beg bolman ýekeje gün,
baý, beg bolup ölmek munda?

Bilmersiň sen muny uzakdan synlap,
aňlamarsyň, düşünmersiň sen sözüň
derňemeseň, ýa ýetmeseň köküne,
has anygy oturmasaň
zyndanynda kgbäniň,
tomsuna tamdyrdan geçirýän howry,
gyşyna buz ösýän galyň diwary
ýassykdaş edinip ýatmasaň aýlap,
porsy tualetde, her gün garaşyp,
bir ýazylman ýa suw alman ardyňa,
(belki, başgaçarak ýaşaýar baýlar),
düşünmersiň bu zatlara sen, bende,
sebäbi az beýle mekdep dünýäde,
belki, akademiýa, ullakan gowry,
galmagaly ýetik daşyndan baksaň,
a içinden - bagt näme,
düşündirýän her gijede, her günde,
sabynyňy ogurlaýan sakçylar,
hemem saňa akyl berýän,
’bolmaly-da düzüw, dogry",
yzdan gelen gutabyň ýa towugyň
ýarysyny ogurlaýan,
gawunyňy alyp galýan durşuna
zamnaçalnik sizo bilen
çykyşmasaň ’duele’,
bolan bolman goýun, göle,
iň soňunda azat bolmasaň bir gün,
bilmersiň sen, düşünmesriň,
bagtyýarlyk näme, dostum,
berkararlyk näme asla,
näme açyk howadan
demiňi almak soraman,
hem aýalyň, çagalaryň içinde
jan berseň-de süýnüp bir gün,
"Armanly ölmedim - diýip,
- kgbäniň türmesinde"
pikir etmeseň, alla,
ýylgyrmasaň ýüregiňden, aňyrdan,
taňrydan, meger, bir gezek,
düşünmersiň bagt näme,
näme diýmek berkararlyk,
nirede bol, nirede gez,
gezmejek bol ýalan ýallap,
ýeke sözde pikirimi jemlesem,
türkmen türmesinde bolmasaň bir gün,
düşünmersiň bagta, walla.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024