Ýurdy ýykmak nireden başlanýar?

Ýurdy ýykmak başlanmaýar
iň ýokarky açgözden,
ýa-da onuň aşagyndan,
belki, has aşakdan uç alýar bela,
başlanýar ol ilki garyp,
soňra baýan ärlerden,
emmaki ruhy baý däl,
belki, garyp ýerlerden,
her ene-atadan başlanýar, meger,
çagasyndan on ýedi ýyl
öý işini soramadyk bir gezek,
ýa-da okuw kitabyndan başga bir,
ýekeje kitaby satyn almaga
akyly ýetmedik akyllylardan,
diplomlydan başlanýar,
gelýär ýurdy ýumurmak,
hemem pikir edýän, belki,
adam bolmak - ýol urmak.

Ýurdy ýykmak başlanmaýar
iň ýokarky bisowatdan,
mekdebi ýykmakdan başlanýar, belki,
mugallymy ýykmakdan,
okatjak çyny bilen,
başlanmaýar ýurdy ýykmak
döwletbaşydan azan,
ýa-da gorkan öler ýaly
ýitirmekden kürsüsini,
hemem öz gabryny gazan,
başlanýar ol aşakdan has,
ylgap çäre gözleýänden,
okan çagaň iki-ýeke
ornun, ýerin almak üçin,
itmek üçin ony gyra,
basmak üçin aşak, beter,
ýurdy ýykmak başlanýar, hak,
bisowady galdyrmakdan ýokaryk,
hem okanyň, okajagyň, düzüwiň
ýüregine soňsuz salmakdan heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024