Tapawut

Sen pikiriň dakjak bolma adama,
asjak bolma boýnundan oň
doga edip öz ynanjyň,
aýdyp bilseň aýt diňe,
hiç gataltman sesiňi,
bagyrman aýt başarsaň,
gygyrman aýt adama,
sebäp adam gorkmasa,
gykylygy inkär edýär,
sykylygy inkär edýär,
inkär edýär terrory,
gygyrar, bagyrar diňe,
adamyň bolmasa gory.

Sen pikiriň dakjak bolma adama,
içmejege iç diýme,
iýmejege iý diýme,
ýa çek diýme çekmejege,
ýa iki gün namaz okap,
ýa-da bekläp agzyňy,
akyl berme çem gelene,
biler her kes ýagdaýyn,
alla üşük beren bolsa,
a bermese, alajyň ýok,
sen adama dakjak bolma pikiriň,
ynanjyňa saljak bolma zor bilen,
ýazyp goý başarsaň görünjek ýerde,
dag gaýasy, deňziň düýbi, parhy ýok,
emma saýasynda ýatyp,
dal-daragtyň synasyny ýaralap,
ýazyp gitme ’wah’ diýdirjek sözleri,
görünjek bolma adama,
güjeňleme täze köwşüň, köýnegiň,
ýa boýalan gara saçyň,
görer görjek açyk bolsa gözleri,
hem bilerler sen kim, näme,
näme geýdiň, geýmediň,
göze-başa düşme, adyň
alkyşladyp zor bilen,
sypyp bilmedige gaçyp.

Sen pikiriň dakjak bolma adama,
nadaralyk edip bolsa,
ýa ýene-de bir ýol bilen, emel kän,
tapawudyň bolsun diýseň,
eli ganly hanlardan,
dindarlardan yňdarma,
gözi, göwni gapylan,
sen pikiriň dakjak bolma adama,
goý, ýaşasyn ezişde ýa sütemde,
kemsitmäniň astynda,
öňi, ýoly ýapylan,
eger özi islese,
ýa görmese öňündäki diwary,
özi bilen galdyrylan,
beýtme diýip ýadama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024