Beýiklik
Saňa ‘beýik’ diýen bolmaz dirikäň,
‘baky beýik’ diýen asla-da bolmaz,
ýa öňüňde dyza çöküp, kitabyň
maňlaýyna sylan bolmaz,
ýa-da döwjek bolup golun, goşaryn,
el çarpanlar tapylmaz,
sebäbi sen gorkuzmarsyň kimsäni,
zorlamarsyň ene bilen gyzyny,
atasyny ogly bilen,
janly diwar edip gecjek ýoluňda,
aladaňdan aýagüsti,
ýagyşasty, garasty,
ýa jokrama yssyda
dikilgazyk etmersiň,
ýa kesmersiň çörek bilen çaýyndan,
egilmedi aşak diýip,
öldürmersiň türmede,
ýa-da, bagty çüwse bendäň,
gaçar ýaly etmersiň,
sümüp geçip serhetden;
saňa beýik diýen bolmaz,
gözleme-de beýle düýpsüz boşlugy,
wagtyň bolmaz seniň oňa,
gowusy git işiň et-de,
sebäp, belki, beýikligiň şu bolar,
eger bolsa, elbetde,
öz-özüni gülki edip,
ýere sokýan milletde.