Ýiten adam

Adam aýtdy: "Ýitirdim men özümi,
ogurlatdym, belki-de,
men özüm däl, bagyşlaň,
eger degsem göwnüňize,
haçan we nirede, kime,
ýa-da nämä ogurlatdym,
çynym aýtsam - bilemok,
emma men däl bu adam,
tanamok ony käte,
siňe seretsem-de näçe,
sebäbi ynjyk çenimden,
ýa-da juda gaharly,
başarmaýar ýylgyrmagy,
çytraşsa-da çyny bilen,
eger göwnüňize degsem,
pikir etmän, pikir edip,
bagyşlaň meni, adamlar,
sebäbi men men däl doly,
ýa-da başga adam käte,
tanamok men ony asla,
bolsam-da tanaýan ýaly.

Men özümi ýitirdim,
ogurlatdym, belki-de,
hemem kime - bilemok,
ýa-da özüm ýeňseden,
bukulyp ýa busup gelip,
eşigini geýip başgaň,
ogurladym özümi,
gorky edip şu günümden,
gaýgy edip gelejegi, boljagy,
ýa bolan işlere gynanyp beter,
besdir diýip bilmän öte geçemde,
ogurlatdym şu günüm men,
ertirimi üstesine,
gapyldy gözlerim açyk,
lal açdy dek durmaz dilim,
aýak çekdim görmän öňüm,
düşünip bilmedim nirde,
haýsy jaýda oýandym,
duşmanymy tanamadym,
tanamadym dostumy-da,
ýa özüme dost bolup,
başarmadym durmagy
öz arkamda gerek güni,
meni, meger, sürgün etmezdi kimse,
meniň özüm ýüregimde, beýnimde
döretmesem sürgüni
owal-başda, ilkide,
men özümi ýitirdim,
ogurlatdym, belki-de."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024