Sen özüňi itekle

Batan araba ýaly,
ýatan öküz mysaly,
gije, gündiz, ýaltanma,
sen özüňi itekle,
ýükle, ýadap düşürme,
ýüküň ýeňil bolmasyn,
ýylgyr dünýä, gül dünýä,
berer, alar algysyn,
sanap saçyň, kirpigiň,
ýöne biraz bek dursaň,
bilseň dünýäň kesegi
haýsy ýandan salanyn,
gaýtarar ol alanyn,
aljyrama garanda,
çyny bilen ýalanyn...

Göni manysynda sözüň,
ýa göni däl, itekle,
sen özüňi goýma ýerde,
pos bolmasyn, demir ýaly,
gökde goýma, ys bolmasyn,
dört diwara düşme ýesir,
garaşma hiç gara günden
alyp çykjak batyr merde,
haýyr bardyr, diňe zyýan
bolup bilmez ähli şerde,
seret yza, ýörjen-ýörjen,
emedäkläp geldiň nirä,
durmuş uruş, seniň erkiň
alyp berjek ýa getirjek
ýok, ýa bolsa galmaz uzak,
saňa gerek ähli zady
başga biri alyp bermez,
ýok, ynanma, kim diýse-de,
sen özüňi itekle, dost,
tutaklama, saklama,
ýa soň gülki bolup dünýä,
maňa özüň aklama!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024