Arassa asman meselesi
William Faulkneriň äheňinde
Şükür, asmanymyz arassa diýme,
Siriýa däl, Owganystan, Yrak däl,
ýa daş etsin, rus oky ýagmaýar,
diýme Palestina bolmasak bolýar,
dogry, eger biraz adalat bolsa,
kanunlar işlese, adamy adam,
emel ýeten bolsa, basyp bilmese,
lal edip bilmese hökümet halky,
islän wagty ýüpsüz asyp bilmese,
sen bilýärsiň, men bilýärin, ol bilýär,
ýurduň içi türme bolsa durşuna,
"Watan" diňe gülki etse milleti,
giren ýaly ýalançylyk urşuna,
şükür, asmanymyz arassa diýme,
çörek bolma açgöz hanyň hurşuna...