Soňky ýagdaý

Men indi ol öňki sada oglan däl,
tanyşlara, nätanyşa, kesekä,
adam bolsa, adam ornunda goýup,
elden gelen ýagşylygym edemok,
kösenemok, ýitiremok wagtymy,
gel diýseler, ýola çykyp gidemok,
sebäbi bilýärin ýagşylyk käte
ýamanlyga sebäp bolýar görnetin,
barjak, görjek bolmaýaryn hiç kimi,
özi geljek, görjek bolup durmasa,
telefon edemok, gürleşmeýärin,
jaň etmese özi kimdir biriniň,
käbiri jaň etse, gaýtalap hatda,
almak islemesem, alamok asla,
ýa internet, el astynda bolsa-da,
görjek, biljek bolmýaryn kän zady,
aýdyp durka işin adamyň ady,
men indi ol öňki açyk oglan däl,
goşmasalar, goşmaýaryn mejlise,
hem öz işi, meniň işim däl diýýän,
kim islese, näme diýse, diýmese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024