Bilim meselesi

Bilim, belki, bilmeýäniň bilmekden,
boýun alyp, öz-özüňe gülmekden,
soň gelmekden öz ýanyňa, daşlaşman,
çig ýerleriň bişirmekden başlanýar,
başlanmaýar onuň üstün basyryp,
etek tutan ýaly Günüň öňüne,
bolmakdan däl bilýän bilmeýän zadyň,
bilýänleriň gülen bolup üstünden,
sözün kesä çekip, gürlemez ýaly,
utandyryp, çekindirip adamy,
deň bolmaýyn diýip gaçjak ýanyňdan,
haýýarlygy baýdak edip ýaşamak,
bilim - gelse ata-baba ganyňdan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024