Täze ýyl arzuwy

Iň ýaramaz agajy-da,
iş edinseň kesip, ýonup,
bir zatlara ýaradarsyň,
soň diýersiň boldy gowy,
odun bolar iň bolmanda,
ýa-da taýyn tamdyrtowy.

Adamy-da şeýle käte,
ýazyjyny, iň arzaçy,
iň şermende, gep-gybatçy,
garpyz berip goltugyna,
eneň ýagşy, ataň ýagşy,
gowy işe ugrukdyrsaň,
azap etseň ak ýürekden,
soň satsa-da seni arzan,
iň nadara, adam satan,
adam bolýar azda-kände,
mätäç diýseň saňa watan.

Her bir şerde haýyr barmyş,
her ýamanda gowulyk bar,
her agaçda, gaty, gözli,
her adamda, päli ýaman,
gyşyk gepli, ýiti sözli,
agyrtjak ýa kesjek mydam,
gözläp bilseň, görüp bilseň,
alyp bilseň, ile derkar,
gerek boljak bir gylyk bar,
biz az öňem, kyhlamasak,
ýaran bolsa birje derde,
gysganmasak bugdaý sözi,
hem namarda, hemem merde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024