Gara jeepli adam
Uzak ýyllar, aýralyk kyn,
sökülýärsiň gelseň öýe,
saý-sebäpden goýberseler
ýurda, meşik degen güýe...
Ýollar döwük-ýenjik, taksi
oba girip bilmen diýýär,
wah, gitdim-dä, namart boldum,
adam müýnli, özün iýýär.
Goňşy-golam, obaň çeti,
ýa Tejeniň aýagujy,
diýmän geldi, käsi dymýär,
käsi dilde ähli güýji.
Meniň kakam Bäşim mollum,
oň kakasy Kömür Bäşim,
Ýagmyr geldi, öň horjady,
iň ýaňrasy klasdaşyň.
Ýöne indi Ýagmyr adyn,
bolan ýaly halamaýan,
diýýär gara jeepli adam,
her sözünde nygtap, aýan.
Ozal ähli gürrüňinde
Ýagmyr ady bolardy bol,
indi gara jeepli bolup,
unudan dek adyny ol...
Nahar iýdi, arakdan has
açyldy-da açyk dili,
degip çykdy bar adama,
uly, kiçi dymdy gülüp.
Soňra diýdi giden bolup,
arsyz bolýar her öňýeten,
biziňem bir inimiz bar,
ABŞ-da mesgen tutan.
Doktor Kömür diýseň baryp,
tanamaýan ýok o týada,
çagalary ýaramasa,
uçan düşüp gelýär Aýdan.
Ýöne uzak gitmän, ýene
täze ýoda gaýdyp geldi,
indi adym gara jeepli,
Ýagmyr diýmäň diýip güldi.