Sen näme?

Sen men etjek diýeniň däl,
aýtdy dana, edýän işiň,
agarmaýar ýuwulmasa,
günde ýuwjak diýen dişiň.

Sen men boljak diýeniň däl,
bolan ýeriň, gelen ýeriň,
dilde garşy, ýöne işde,
ýanýoldaşy kümsük şeriň.

Bilinmeýän ýaly gelip,
aýtmasalar, diýmeseler,
ýa aýdýanlar bolsa beter,
ile belli, pesiň pesi...

Dogry, etjek diýýänleriň
hemmesini etdirmezler,
emma gelen ylgamaly,
diýmän aý, ýok, ýetdirmezler.

Ýüwürmeli, ýüwrük ýegen,
ýatan daýy bolanyňdan,
sen men turjak diýeniň däl,
utanan - öz ýalanyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024