Dereje

Öz-özüni sylamaýan mähelle,
jemagat diý, tire-taýpa, millet diý,
sesli, sessiz başyn atýan ýalana,
ýa ýalňyşyp, çynyn aýdanda biri,
gaçýan ondan gyrgy gören serçe dek,
galjak ýaly, belki, tohumlyk diri,
gazanyň garasy ýokmasyn diýip,
ýamanyň ýarasy ýokmasyn diýip,
çagalaryn çekýän daşa dogruçyl,
diplomyňy satyn almadyk bolsaň,
okan bolsaň ýetjek bolup soňuna,
tanyş, para bilen galmadyk bolsaň,
wezipäniň bir-birinden oňuna,
il üçin däl, özüň üçin, elbetde,
ýa-da dymyp, gul bolmasaň aýlyga,
pikir etme, seni sylar ahyry,
paltasy döwülip, döwülip özi,
ýok, ol saňa töhmet atar, jabjynar,
ýakyp gitjek bolar öçmänkä közi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024