Ýüzsüz adam
Sen o diýen tanamaýan kişiňe,
ýa tanaýan çalak-çulak, ýarymçyk,
'hä' berseň-de, eger-eger ynanma,
gepini getirse başga biriniň,
tanaýaryn diýip ýören adamyň,
ýa nätanyş, çalak-çulak bilýäniň,
gybatyny alyp gelse nätanyş,
birinjiden, o biriniň gepini
getirýäniň özi özüni satýar,
aýdýar gelip gybatyňy edenin,
başga biri bilen, arkaýyn bolup,
a soň gürrüňdeşin, belki, ynanyp,
özüne iç döken adamy satýar,
amanady saklamaýar özünde,
iki adam arasynda galmaly,
seretseň, oň ýüzi ýokdur ýüzünde.