Biraz ynsan
Jaý ýerinde ýalan ýagşy,
bolup biler, jedelleşme,
ýa ýalançy diýip dünýä,
gülen bilen kejeleşme,
ýöne agşam, ýa-da irden,
sen özüňe çynyňy diý,
iň bolmanda ýeke wagtyň,
deňeşdirme hiç kimiňkä,
az ýa-da köp, ýeten bagtyň,
goý, kim näme pikir etsin,
işiň däldir, bilseň çeniň,
çyn güýç berer ýüregiňe,
ýalan sözläp, öz-özüňe,
soň beýleki ikiýüzlä
sylagyňy gaçyrma kän,
boljak bolsaň biraz ynsan.