Bolmaýan boluş
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
az gördüňmi öňkiň ýykan jaýlaryn,
näme etdi türkmen size, ozalky
urulany, gyrylany azmydy,
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
ýeňlet iliň agyr düşen ýazgydyn!
Bileňokmy, ýüzlerçe müň adamyň,
öý-ojagyn ýykyp, ýakdyňyz janyn?
Aglaýar-a aýal-erkek, garrylar,
çagalary ejir çeken milletiň,
ýa-da munuň keýpi barmy üýtgeşik,
ýa-da barmy has başgarak niýetiň?
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
ulus-iliň mertebesin basgylap,
tutuş ýurdy türme etdiň, bialaç
ýaranmaly etdiň ýigrenji hana,
ýa-da ozal, çagalykda kemsinip,
zulum bilen geçjek bolýarmyň sana?..