Ret et
Ret et sen ähli sylag-serpaýy,
dirilikde, ýa öleňsoň ýapyljak,
ýa ýapylman biljek birden,
bagtyň çüwmän ýa-da hudaý halaman,
ýa partiýa garşy bolup,
hiç serpaýsyz gitseň ölüp;
ret et ähli umydy,
çykyp tom-tom kitaplaryň,
öwülmegi ýerde-ýökde goýulman,
ýa-da kitaplaryň kino bolmagyn,
oýun edilmegin bolman,
hem zor bilen tomaşaçy bolanlar
ýalandanam bolsa gül bersin ýa-da
el çarpyp, ýylgyryp gitsin -
diýip garaşma hiç haçan,
ýa garaşsaň, bir aç itsiň,
gulak-guýrugy kesilen,
hem hantama mydam elden,
ilden özüne keseki;
gorkyňy ret et, tankytçysumak,
ýa beýik tankytçy, tapawudy nä,
düşünmän bir zatlar ýazmasyn diýip,
ýa sözümi kesä çekmesin biri,
öz pikiri bilen iýip -
diýip hiç alada etme,
çala eşdip, çatma ýykan,
ýa dasrgursak, göwni gedem,
öz ýanyndan aýa çykan,
näme söz diý, hiç düşünmez,
hem yrza bolmaz kimseden;
ret et syýasy ýalňyşlyklary,
ýa syýasy dürslügi soňna çen,
besdir, orden-medal girip düýşüne,
gör, näçe ýazyjy öldürdi özün,
gör, nijeme şahyr ir boldy pany,
sebäbi sözüni aýdyp bilmedi,
öwülmek isläni üçin,
ýa-da gorkup döwülmekden,
sen özüňi bilýän bolsaň,
ýa ynanýan bolsaň edýän işiňe,
kim näme diýende näme,
ýa diýmände näme bolýar,
ret et sen gypjyn-gypjyn ýaşaýşy,
barybir gorkanam, gorkmanam ölýär;
ret et sen ähli sylag-serpaýy,
derde galma kowulmakdan, gelmekden,
ýöne biraz saklanjak bol dirikäň,
jaýlanmakaň porsamakdan, ölmekden.