Şol bir adamlar

An evil man will burn his own nation to the ground to rule over the ashes. Sun Tzu

Sen olary görýärsiň,
synlaýarsyň uzakdan,
diňleýärsiň kämahal,
ýöne uzak çydaman,
sem edýärsiň seslerin,
sebäbi bir, atlary
başga-başga bolsa-da,
päl-niýeti görnetin
höküm sürmek, entetmek
öz ilini okuwsyz,
ejiz saklap başarsa,
düşünýärsiň kürsüde
oturanyň gorkusy
syrtmak bolan boýnuna,
beýlekiler çen edýär
düşünýän ýok oýnuna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024