Adam we türme
Her tussagyň azyndan
bolarmyşyn bir dosty ýa ýakyny,
türmeden gaçmak islese,
el uzatjak daşardan,
sebäbi berilýän jeza
adalatly däl mydam,
jeza berýän jeza çekýänden beter
jenaýatçy bolýar käte,
para-peşgeş alyp uly,
ýa syýasy buýruk alyp,
galmak üçin düşewüntli ornunda,
öý ýumurýar adalatly sudýalar,
garalawçy bolýar aklawçy pahyr,
gün-güzeran görmek üçin däl diňe,
ýaşamak üçin gowja,
bilmeýän ýok muny seretseň siňe,
şondan adamlaryň ýüz ýa müň bolup,
milýon bolup türmede
oturmagy aç-suwsuz,
çydamagy kemsitmä,
ýa-da çykjak bolmagy
özlerine bagly diňe.