• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ses berişlik

Olar biragyzdan "hawa" diýýärler,
lükgeligne jübä salnan,
ýa aç-açan ele alnyp,
daşyna gazet dolaman,
ogurlanýan gelejege, zamana,
içinde bir garşysy ýok,
saklanan ýok iň bolman,
sebäp göni garamakdan gorkýarlar
ak ertire düşen gara gümana.

Eger içlerinde ýaşajak bolsaň,
gitjek bolsaň bir köçeden, ýodadan,
işe hemem toýa, ýasa,
aýalyňa arka, çagaňa kaka,
daýanç boljak bolsaň eneň-ataňa,
dogan-gardaş, dolanana, çykana,
dymmaly içiňe salyp pikiriň,
gorkmaz ýaly olar senden,
has beteri arasynda
ýalan sözlemeli sen-de,
ýa içmeli içse olar,
hem çekmeli çekse olar,
ýa ogurlyk etse, para alsalar,
hemem kem-kem ýokarlaryk galsalar,
akja jüýje bolup galyp bilmersiň,
pikir etme eger-eger,
gara batman gutularsyň, ölmersiň.

Kim olary halas eder, gutarar?
Bu soraga jogap bermek kyn örän.
Uçup barsaň, ganatyňdan alarlar,
aýagyndan galar baranlar ýöräp.

  • 03.04.2018
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019