Ýuwaş duzagy
Sen sessize sessiz diýme,
arlamaly bolsa nähak,
howun basjak bolup gowyň
döwjek bolup urman äňin,
gargamaly bolsa nähak,
ýere sokup bigünäni,
sesi bardyr, bardyr güýji,
ýuwaş diýip, kömek etseň,
bolmasa-da sözi süýji...
Wah, bilenok diýme hasap,
bilimi pes, kemter diýme,
dogry ýoldan gitjeklere,
dogry işi etjeklere,
çäre tapar, aslyşar ol,
hasap eder kisesinde
bar puluny, ýok puluny,
gowy görmez işleýäni,
gözün diker gögermedik
ekinine, daýhan bolsa,
maldar bolsa doganoglan,
çykan ýa-da ýegen oglan,
ýazda dogjak owlak, guzy
Garagumy tutjak ýaly,
o birleri, bu birleri,
oýun bolsa, utjak ýaly,
özi aç, hor, batjak ýaly,
ýbasar aşak, peselder hil,
sen tanaman ýuwaş diýme,
betpäl bilen tutuşma bil.