"Bahanamy, sebäp?"
"Näme boldy?" diýip sorady adam,
gyrgyn kökün gören ile,
hem dikelen her gezek
ýüzläp ýylyn ýitirip,
Gazawatda gutarmadyk,
Gökdepede ölüp ýeňen,
Bolşewikde tükenmedik,
näme boldy ile, sorady adam,
her günde on günlük ýadap.
Uruşdan soň alty-ýedi çagany
ýeke başa adam eden eneler
nirä gitdi, eý, taňrym?
Iki-ýeke bolsa-da,
neşekeşi ýokdy iliň beýle kän,
ýalançysy ýokdy iliň beýle kän,
ýa ogrusy ýokdy beýle,
emel ýetse opurýan,
agzy ýetse çeýnejek
egniniň gyzyl etin,
azgyn ýokdy, eý, taňrym,
ýokdy beýle arakhorlar,
aýalbazlar öwünýän,
ýatan ýeňlesin sanap,
beýle däldi-le aňrym?
"Näme boldy?" diýip sorady adam,
ýa açlykdan geçdik-de,
büdredikmi dokluga?
Ony diýsek milletiň
gyzyl aj-a ýarysy,
ne döw çaldy bize bu otuz ýylda?
Ýa açlykmy aňkamyzy aşyran,
ýa gözümiz gapdyrdykmy gapydan
çala görnen döwlet diýlen ýalpylda?
"Bahanamy, sebäp?" sorady adam,
ýapdylar okuwy, işi,
dökdüler bazara arzan neşäni,
ogurlyk gapysyn açdylar serpip,
soň açdylar parahorluk gapysyn,
geljege, girjege maşgala bolup,
ýokmy munuň bir alajy, eý, taňrym,
ýa gutulmak galdy ölüp?
"Näme boldy?" diýip sorady adam,
ýa-da biziň milletligmiz ýalanmy?
Ýalanmy bar görenimiz, görgimiz,
göreşimiz ýurt üçin,
erkinlik üçin baky,
döken gyrmyz ganymyz,
neden ýatdyk beýle uzak,
ýerden galman ýanymyz,
neden beýle gülki bolduk jahana,
ýa barmydy ogry-jümrä okuwly
gutarmajak bergimiz?..