Surat

Durmuş

Durmuş oýun däl asla,
günde irden turmaly,
iýip-içmeli hemem,
başgalara, ýakyn ýa ýat
ýaplanmajak bolmaly,
’iýen çöregiňe ýaplan!’ -
diýerdiler çagakak,
meger, şunda galmaly!

Durmuş oýun däl asla,
ýykylsaň, ýeri urup,
köşeşdirse ejeň, kakaň,
ynansaň-da çagalykda,
çagalyk däl diňe ol,
öwrenmeli durmagy sen
aýak üstünde hergiz,
hem görmegi öňüňdäki
gara-gyýçak daşlary,
ýa uçudy, çukurlary
gara bahyllykdan dörän,
aýlanyp geçmeli günde,
öwrenmeli özgeleri ýazgarman,
bolmazlygy ilki özüňe gende,
keseki ýa ganym duşman,
durmuş diňe arzuw däl,
aglamak däl hünibirýan,
arzuw başa barmasa,
günde irden turmak ol,
geleniňe etmän puşman.

Durmuş aňsat däl asla,
günde irden turmaly,
hemem ýuwmaly dişiň,
emma bu diňe biri
her gün etmeli işiň,
gutarmajak bäri-bärde,
sen olary garry ataň,
eneň barka etmeseň,
ejeň barka, kakaň barka etmeseň,
eje bolup, kaka bolup edersiň,
çykarsyň çykmaly ýola,
dik durarsyň soňuna çen,
ýa-da ýola çykyp bilmän ýitersiň,
(bahana kän aklamaga özüňi!),
yzda galsaň ýa düşünjek bolmasaň,
el bermek däl öňe çeken dogana,
sen özüňe duşmandanam betersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024