• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Aýdan ýanmaly

Ak gyňaçly eneleri,
ýüzleri gasyn-gasyn,
syýasata getirdiler zor bilen,
ýa-da haýyş edip, sütem
şeýle-de edilýär käte,
un sepdirip bugdaý orjak
kombaýyna-beýlekä,
ýa uçara, ABŞ-dan getirlen,
alaja dakdyryp diňe ata däl,
maşynlara, eý, alla,
ak gyňaçly eneleri
syýasata getirdiler,
sylap ýa-da söýüp däl,
ýapmak üçin ýalany,
indi, meger, ýalan, talaň aýyp däl!

Ak gyňaçly eneleri,
gan-gabarçak elleri,
ýürekleri durmuşdan,
ýetde-gütde ýaşalan,
özara, ikiçäk gürrüň edende,
bir güni ýok aladasyz geçiren,
syýasata getirdiler,
ýylgyrmaly ýalandan,
gül bermeli ýalandan,
näçe uzak gitseň ýa-da çekilseň
hakykatdan, çyndan - sylagyň uly,
dadu-bidat, indi diňe sakgal däl,
ak gyňajam boldy hökümet guly!

Ak sakgally ýa telpekli çal başy,
düýnki kommunistler her näme etsin,
täret gylyp, namaz okap gomalyp,
haja gidip gelsin il hasabyna,
meger, indi bular geň görülmeýär,
belki-de dereje ullakan, goçak,
diňe goja, çagalar däl,
ahal-teke atlary hem türkmeniň
malyny, janyny goran itleri
syýasata getirildi,
aýagasty boldy haly hem saçak...

"Taňrym, gora bolşewigiň şerinden?!" -
diýip başda ses edipdir düşünen,
bu syýasat ýüz ýaşady golaýda,
ýadymda, dullary taýyndan galan,
Ýeňiş güni ýygnardylar kluba,
bererdiler kaloş-ýene,
şunuň bilen sowulardy tomaşa,
şundan artyk syýasata, ýalana
düşek ýa-da ýassyk bolmazdy ene,
altmyş ýaşan, ýetmiş ýaşan,
bolşewikden gelip, nirä barýarys,
ýa-da nirde galdyk ýeňsämiz gaşap?

Ak gyňaçly eneleri
syýasata getirdiler zor bilen,
ýa-da haýyş edip, sütem
şeýleräk ýol alýar günde,
ýok diýen bolýar şermende.

  • 29.01.2018
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019