Surat

Ölümini dilediler

Ölümini dilediler adamyň,
adyn tutup bilmän, emma
yşarat edip alla,
’ýetimi al, ýygnasana,
gowusy gereg-ä saňa’,
ýalbardylar ýaradana,
diýdiler ’ýa kastyň barmy,
bu bagty guma batana?’

Ölümini dilediler adamyň:
’Äkitsene, ýygnaý-da, hak,
özüňe al ýüzüklerin,
zadyna göz dikmäli!’
Alla eşitmedik boldy,
diýip ’wagty bar-a häli.’

Ölümini dilediler bendäniň,
namazdan soň bäş wagtyna,
’"Gurhany" otlatdy, zalym!’
Namazhonlar diledi,
binamazlar diledi,
arak içen, tirýek çeken,
azarlasa zarynlap,
ýaradana ýüz tutdy,
göýä kem galan ýaly.

Ozal para alyp baýan,
ýa kommunist ýazyjylar,
öňki döwrün kýseýän,
arzaçylar Moskwa
golsuz ýazyp sürenler,
başga zada ýaraman,
zarynlady ’erenler,
ýygna, äkit, alsana,
hak jaýyna salsana!’

Ahyry yryldy alla,
ýygnady, ýanyna aldy bendesin,
ýöne ýüzüklerin almady, beýle
namartlyk ýok ýaradanda,
adamlar talady yzyny onuň,
esasy ýakynlan ýa bolan ýanda...

Beteri geldi ýerine,
ýa öňküden has ýaman,
ýüzügi-de ýokdy ýogsa,
hemem ýetim däldi, ene,
atasy-da bardy diri, aýatda,
emma ýüzükli ýetimden
açgöz çykdy müň esse ol,
ýene alla ýalbardylar:
’Ýa ýaradan, ýetiş, al!’
Alla ýylgyrdy çalaja,
garanjaklap daşyna,
sebäp ýene özleri dek birini
atmalydy dilegçileň başyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024