Surat

Bagyşla, käbäm!

Bagyşla, käbäm enem,
soňuna çen gitjekdim,
dyzym epmän ölýänçäm
ýazjakdym elimden gaçýança galam,
ogry-jümrüleriň ýüzün
demir darak bilen darap,
emma birden saklandym,
aýagymdan alan ýaly çyrmaşyk,
ýöne ýykylmadym, dik durun şindi,
emma öňki höwesim ýok ýazmaga,
sebäbi düşündim birden
adam hemme ýerde şeýle,
ýaşajagy ýaşaýar,
ýaşamajak ýaşamaýar,
adam ýaly, elbetde,
ýogsa hemme zady bar,
ady bar owadan, adam diýilen,
emma adam az olarda kämahal,
puly, maly kän boldukça,
hem hemme ýer Mary, Ahal,
tapawudy ýok milletiň, tiräniň,
haýran galýan şeýle uzak gidenme
gorkman, yza garaman,
emma indi gorkýaryn
ýene-de bir nadan, gözi, göwni aç
ýürek sözüm aýak astyna ýazyp,
hapa aýakgaby bilen
ýüzünden ýörese iliň,
dirilikde däl diňe,
gabyrda-da gönelmerin,
sebäbi ýazylmaz bilim.

Bagyşla, käbäm enem,
hudaý diýýän hemişe
hudaý diýmeýän eken,
men düşündim birden
hemem gynandym
kim-kimleri edinenme endişe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024