Gazan bol
Dostum A.G.-nyň 2013-nji ýylda ‘hekaýa ýaz’ diýip beren ideýasy şu gün goşgy bolup geldi.
Sen gazan bol, gara gazan, çoýundan,
golaýyňa gelmesinler, sebäbi
garaň ýokar, hapalar,
ak galjaklar gorkarlar,
päk galjaklar çekiner,
ýa boljaklar ak iner!
Sen gazan bol, gara gazan, çoýundan,
bir adamlyk däl, elbetde,
ýa-da iki adamlyk däl,
başarsaň has uly gazan,
kyrk gulaçlyk, belki-de,
saç bolma sen ap-akja,
ak ýumurtga çakylýan,
sogan dograp azajyk,
ýa-da bolma akja piti,
buglar ýaly şugundyr,
diýip döwran şü gündür,
bir özüňi bilmeli,
bulgur bolma ýukajyk,
diňe şerap guýulýan,
hemmeleriň agzynda ýa aňynda,
bolmajak bol demir çemçe,
zer çaýylan dürtgüç bolma,
bolma gülli tarelkajyk, owadan,
sypap-sylap goýulýan
kim-kimleriň öňünde,
pul tölense her günde.
Sen gazan bol, gara gazan, çoýundan,
hem uly bol, gülme ownuk oýunda,
goý, uludan ot ýaksynlar millete
aş berjekler, ogurlaman aşyny,
döşüňi oda tut hemem
bişir naharyn ajyň,
bir adamyň däl asla,
bir maşgalaň däl asla,
bir obanyň, şäheriň ýa tiräniň,
bir milletiň däl asla,
bütin adamzadyň höregi boljak,
hem degmejek dogry-dürsüň
mädesine hiç haçan,
ýuwan gelmejek asla
ýuwan däle hiç haçan,
ýa duzly gelmejek aşa,
ýaralara duz basyp,
nahar bişir adama sen,
susak bolma hiç haçan,
agaç ýa-da demirden,
et gözleýän, at gözleýän her ýerden,
bolma şöhradyň guly,
salfetka bolup gazanma
gerek bolsa-da puly.
Sen gazan bol, gara gazan, çoýundan,
döşüňi oda tut, ojar oduna,
gaza tutma mugt berlen,
ýa-da ýalan bahadan,
sen gazan bol, gara gazan, çoýundan,
öz-özüňi öldürme ýa ýaşama
salfetka bolup diňe,
ýaşan bolma ýalanjykdan, oýundan!