Surat

Köpçülik

Köpçülik hemişe mamla bolmaýar,
bimamla bolýar käte,
juda uzak, ýüz ýyllap,
iki ýüz ýyllap ýa-da,
a soňundan biraz aňa aýlanýar,
ýa düşünjek bolýar çala
nämede ýa nirelerde ýalňyşdy,
ýöne şoňa çenli azlyk,
iki-ýeke diline
bek bolmadyk bogulýar,
aýtjak bolup aňlanyn ýa bilýänin,
öldürilýär şeýdip çynçy,
bagty çüwse, watanyndan kowulýar;
köpçülik hemişe mamla bolmaýar,
bimamla bolýar köplük,
hemem käte düşünmeýär hiç haçan
nämede ýa nirelerde ýalňyşdy,
ýa ýalňyşyn boýun alyp bilmeýär,
gedemlik saklaýar ony,
ýene ýüz ýyl yza galýar ýolundan,
menzilinden geçmeli,
yza çekip özüni,
köpçülik hemişe mamla bolmaýar,
kast edýär ol özüne
köwläp görer gözüni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019