Surat

Norweg depderinden

Arakhor gamlanma, içeli diýdi,
Ak-gyzylly çüýşeleri sypalap.
Zynahor gyýylma, guçaly diýdi,
Inçe billi gözelleri apalap.
Mal ýyganlar diýdi mally bolaly,
Gapy gully, kise pully bolaly.
Dyman diýdi dymaý birsellem senem,
Ýaman diýdi başda ýagşydym menem.
Ýalan ýazan diýdi ýalandan ýazaý,
Ýalan ýanan diýdi ýalandan ýanaý.
Yşk heñine hiñlen diýdi söýmedik,
Jan-jigeriñ ýakma diýdi köýmedik,
Durmuşdyr bi, boş ber diýdi birisi,
Gurar diýdi baýyñ-begiñ örüsi.
Ýaranjañ isledi ýaýaplamamy,
Ýalançy pisledi taýaklamamy.
Arabozar arabozar çaklady,
Biri döşden itdi, biri saklady,
Öñe-yza butnatmajak, belki-de,
Şir ýaşamaz sübseguýruk tilkide.
Biri diýdi gez dünýäni gaýşar-da,
Biri diýdi otur golyñ gowşur-da.
Beýlekisi ýylgyr diýdi gülmelä,
Golaý barma göreşmelä, ölmelä,
Hemem diýdi gurtdan gorama goýny,
Saklan ýa togtadan bolmaz bu oýny...

Bergen, 2000.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019