Agyr iş
Seniň eden işiň ondan birini,
neberesi bilen etmedik adam,
hapa gözlär gije-gündiz oturyp,
seni haýyn etmek islär iliňe,
ýa satylan pully wezipä, mala,
boýun alyp bilmez yza çekilmän,
el bereniň el uzadan ykbala,
kynam bolsa, deň bolmadyk söweşde,
duranyň, uranyň urany halky,
içi, bagry ýanyp kineden, öçden,
seniň eden işiň ýüzden birini,
tohum-tiji bilen edip bilmedik,
giden ýoluň bilen gidip bilmedik,
duşman atsa top-tüpeňin pagladyp,
atan bir okuňy atyp bilmedik,
meger, kemsinmekden ýatyp bilmedik,
gije-gündiz aýyp gözlär oturyp,
akyl gämisini pikiriň däl-de,
bahyllygyň ummanyna batyryp.