Ýitirilen ýaşaýyş
Çala tanşyň azgyrylsa birdenkä,
öz gözünden görüp, müňkür, gazaply,
ne ýaşyňy sylap, ne-de işiňi,
ýumruk salman, döwjek bolsa dişiňi,
aňsat ýaly ýigrenç bilen ýaşamak,
ýa-da köne tanyş, ýüzüňe gülüp,
garalasa adyň baran ýerinde,
özi ýaly tapsa, agzyna daňyp,
beýlekisi, belki, daşdan tanaýan,
haýbat atsa, näme çykýar agzyndan,
ýa elinden näme geljek, aňlaman,
boljak bolma gowy, artykmaç ýaman,
ýöne düşün, ýok bu ýerde tötänlik,
hassalyk bar, ynan, adaty güman
zandy pägi aýyrmazmyş imandan,
kümsük mydam urup, gaçjak bolýandyr,
ogry ýapyk gapyň açjak bolýandyr,
päli azan, ýaşap bilmedik ýerde,
ganatyny gyryp, uçjak bolýandyr.