Milli çukur
Çukur, çukur, milli çukur,
tire-taýpa girdaby çuň,
ýykylana hezil edip,
gülüşýän kän jakyr-jukur,
bolaýdy-da, wah, boldu-la,
henizem az, hehe-hehe,
bürlen millet gybat, gepe,
bilýär ýa-da bilmezlige
salýar, çukur bir adamy,
ikisini alyp oňman,
ýuwdup otyr ençeme ýyl,
emma kanun, ýazylmadyk,
başgany däl, özüňi bil,
gürrüň etme, okuw, bilim,
ýa-da kanun ýumurulsyn,
jaýy ýaly garyp, baýyň,
görjek bolma aňyrsyny,
geçenin bil günüň, aýyň,
gaýgy etme ýyllary sen,
ikýüzli ýaşa, ýylgyr,
bu durmuşdyr, kime käse,
kime ýeter zerli bulgur,
sabyr ediň diýer molla,
sadakadan doýup gelen,
çukur, çukur, milli çukur,
içi-daşy jakyr-jukur,
jan agyrdyp, diýjek bolsaň,
başyň iýjek diňe ýat däl,
dogan-gardaş, bahyllygyň
batgasynda galan az däl,
diýer olar gapyl, otur,
sesiň erbet, sazyň saz däl.