Oýnalan 'inženerler'
SSSR dargan güni Türkmenistanda sowet Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolan 133 ýazyjy bardy, agza bolmak üçin göreşýän ýa-da tagalla edýän, umydygär bolýan ýazyjy-şahyrlaryň sany bolsa 300 çemesidi.
Ýazyjylaryň ýaşuly, sowet-kolonial ýeňilliklerinden belli bir derejede peýda görýän nesli bilen ýaş, täze ýa-da indi döreýän, galam haky berilýän ýerlerden itilýän nesliniň arasynda gidýän göreş açyklaşyp, döwlet baştutanyny uly alada goýýardy. Ol 'ykdysadyýeti çözýän', ýöne ýurduň 'ruhy ýagdaýyndan alada galýan' ýolbaşçy roluny oýnaýardy, 'ýazyjylar, siz maňa gerek' diýýärdi.
Gyssaga düşen ýazyjy-şahyrlar, täze nesilden gorkýan we 'omaçaly saçagy gabanýan çemeçiller prezidentden özlerini 'aldajylar' diýilýänleriň tankydyndan goramagy haýyş edýärdiler.
Şeýlelikde, sowet-kolonial terbiýesini alan ýazyjylar, 'ruhy inženerler' diýilýänler Saparmyrat Nyýazow bilen söz, pikir aýtmak, metbugat azatlygyna garşy ýazylmadyk şertnama, ylalaşyk baglaşdylar. Bu şertnama olary diňe edebi tankytdan goramaly däldi, eýsem sowet döwründäkiden hem gowy ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmelidi.
Ýazyjylaryň käbiriniň syzdyran maglumatlaryna görä, bu şertnamada 20 çemesi tanymal ýazyja ömürlik döwlet aýlygyny bellemek ýaly mümkinçilikler hem göz öňünde tutulypdy.
Olara şol wagt hem 'beýtmäň, hökümet sizi diňe bir güýç bolaňyzda sylýar, Nyýazowa oýnatmaň, ol sizi ýeke-ýekelikde ýok eder' diýdiler. Emma, yzdan gelýän 'aldajy nesilden', has anygy, 1985-nji ýylda başyny galdyran söz azatlygyndan 'zähresi ýarylan' abraýly nesil öz goragyny Nyýazowyň şahsyýet kultuny döretmekden başga ýerde görüp bilmeýärdi, sebäbi olar sowet-kolonial pikirleniş galybyndan çykyp bilmeýärdi.
Arhiwimi dörüp otyrkam, bir ýazyjynyň prezidentiň özlerini 'çörekden kesýändigi' barada aýdan sözleri 'öňümden çykdy'. Ol wagtal-wagtal, eli degende, prezident bilen aralarynda bolan gürrüňleri ýetirip durýardy.
''Nyýazow, ornunda berkedigiçe, öňki edilen gürrüňlerden dänip, ahyrynda ‘Men edebiýata, sungata, medeniýete dotasiýa berjek däl' diýip, gönüsinden geldi. Ol bu niýetini azat bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen delillendirdi. 'Özüňiz gazanyň, baş üstüne, Ýazyjylar soýuzyny işlediň, baş üstüne, neşirýat dörediň, gazet açyň, baş üstüne’ diýdi.
Biz döwletiň berýän serişdesinden kesilip, öňküligimizi tapjak, özbaşdak gazanç edip biljek adamlar däldik, ol muny bilýärdi. Bazara geçilmeli diýilýän döwürde onuň aýagyna ýykylanlar azat bazar, söz we metbugat azatlygy diýilýän zatlardan öler ýaly gorkýardylar.
Biz, umydy elden bermän, Nyýazowy yrmaga, ynandyrmaga çalyşdyk, 'ýazyjylar size, döwlete gerek, olara bölünip berilýän serişdeler dotasiýa däl, geljege inwestisiýa' diýdik. Ýöne içimizde prezident näme diýse alyp göterýän, onuň aýdan sözlerini 'doga gaplaýmaly edýän adamlar kändi we, biz prezidentiň täze, yzdan gelýän nesliň sesini ýuwaşatmakda ulananyndan soň, özüne ýük boljak 'garrylardan dynýandygyna' düşünmeli bolduk.
Birbada 80-den gowrak neşirýat açyldy. Ýöne biziň prezident bilen söz, metbugat azatlygyna garşy galdyran diwarlarymyz ne neşirýat, ne garaşsyz neşir işletjekdi... Biz muňa giç düşündik...
Men öz günämi boýun alýaryn. Başga-da, ikiçäk gürrüňçilikde, içende günäsini boýun alýan ýazyjy-şahyr az däl. Ýöne bu ýeterlikmi? Diňe bizde däl, ähli ugurda şeýle oýunlar oýnaldy. Diňe Nyýazowy ýa-da ondan soňkulary günäkär etjek bolmak, başga birlerine barmak çommaldyp, özümizi akja jüýje görkezmek netije bermez. Bütin jemgyýet öz günäsini boýun almaly. Jemgyýet hassa, ol dertden saplanjak bolsa, Nyýazow bilen bilelikde özüni hem ýazgarmaly. Bu bir adamyň ýa bir Ýazyjylar guramasynyň eden işi däl, ýöne biz – ýazyjylar, ýurduň iň oýnalan adamlary, il masgarasy diýsem, ulaltma bolmaz. Biz bu belany öz boýnumyza satyn aldyk...''
Arhiw bellikleri tapgyryndan. 2012-nji ýyl.