''Agzyň açsaň, diliň kesip iýdiler''
''Gara goýun baýlyk götär diýdiler,
Gara goýny semiz görüp iýdiler...'' - Bu setirleri soňky diňlän protest aýdymlarymyň birinden getirýärin diýip, Ýewropada ýaşaýan sungat synçysy aýtdy.
''Namazlyga eglip-galyň diýdiler,
Şol diýenler namazlygam iýdiler...'' - diýip, ol protest aýdymlaryndan başlan gürrüňinden Aşgabatda, uçar menzilinde duşan iki aýalyň 'gybatyna' bökdi.
Men olaryň edýän gürrüňlerini bialaç diňlemeli boldum, sebäbi olar arka tarapdaky oturgyçlarda oturyp, uçara garaşýardylar diýdi:
''Olaryň biri haj zyýaratyna gidip gelipdir. Gürrüňinden görnüşine görä, Mekgeden gelen aýallar restoranda üýşmeleň edýär we garyndaşlary, tanyşlary olaryň egnine halat ýapýar. 'Hezillik-le gyz, hem-ä hökümet uçarynda gidip, satar ýaly zat getirýäň, hemem garyndaşlaryň serpaýlaryny toplaýaň' diýip, hajy ene diýip ýüzlenilýän aýal güldi. Soň ol başga bir aýalyň haj zyýaratyna üç gezek gidendigini, her gezegem gelende gymmat restoranda üýşmeleň edendigini, muny diňe zat üçin däl, at-abraý üçinem edýändigini aýdyp, uzyn gürrüň etdi. Ýanyndaky aýal gülüp, 'Hajy ene bolup, başga biriniň gybatyny etseň, günä bolanokmy?' diýdi. 'Günä bolýa-la, ýöne gybat etmeýän barmy? Üç gezek hajy bolan aýaldan soradym, 'Üç gezek estagpyralla diýseň bolýar, Alla geçirimlidir, biz ýalylar bilen deň bolmaz' diýip gülýär...''
Soň ol, birki gezek ardynjyramsoň, 'boldy, boldy' diýip, hajy eneden gyssanmaç protest aýdymyna geçdi:
''Aşgabatda, sebitlerde gitara çalyp, gapdalyndan üýtgeşik aýdymlara hiňlenýän ýetginjekler köpelipdir. Olaryň arasynda iňlis dilini gowy öwrenenleri, ýa-da dil öwrenmek üçin, iňlis aýdymçylaryny diňleýän oglan, gyzlar hem az däl. Begendim. Bäş-on ýyldan boş aýdymlary diňleýän gaty azalar'' diýip, ol maňa golaýda üstünden baran protest aýdymyny diňletdi.
''Diýdiler, iýdiler'', onuň pikirine görä, türkmen reallyklary, has anygy, ýurtda soňky ýyllarda dörän ruhy çökgünlik, ahlak krizisi barada döredilen iň 'dogruçyl' aýdymlaryň biri hasaplanyp biler.
''Bu aýdymyň sözlerini kimiň ýazanyny bilemok, ýöne onuň her iki setirinde boş aýdymçylaryň ýaňagyna otly şarpyk urulýar. Ony diňläp, pikirlenip bilýän türkmenleriň öz düşen ýagdaýlaryna nähili gowy düşünýändigini görmezlik mümkin däl:
''Çilim çekip, nas atmagyn diýdiler,
Haram saýyp, doňuzy-da iýdiler...''
Bu Türkmenistanda çilime, temmäki önümlerine, nasa garşy alnyp barlan göreşe, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada edilýän öwüt-nesihatlaryň arkasynda duran adamlaryň iş ýüzünde kimdigini, nämedigini açyk aýtmak däl-de, başga näme bolup biler?'' diýip, söhbetdeşim sorady.
Aýdym türkmençilikde gadym wagtlardan gelýän ahlak ýörelgeleriniň soňky döwürde nähili ýagdaýa düşendigi hem 'aýylganç gönümellik' bilen aýdyp, köşk edebiýatynyň ýüzüne ýere basýar:
''Iliň agzy keramatdyr diýdiler,
Agzyň açsaň, diliň kesip iýdiler.
Dogry ýoldan uzak gidýäň diýdiler,
Gitjekleri gapan gurup iýdiler.''
Halallyk barada edilýän ikiýüzli gürrüňlere, umuman halal ýaşamak meselesiniň jemgyýetde nähili çözülýändigine bolsa, protest aýdymynda şeýle 'kesgitleme' çykarylýar:
''Halal gazan, halal ýaşa diýdiler,
Halallygy köze zyňyp iýdiler...''
Türkmen jemgyýetinde, mundan öňki syn salan protest aýdymlarymyzdan belli bolşuna görä, soňky ýyllarda garyp adam 'alnarmy, ýa almaga ýaltanarlarmy' diýip, ile salam bermekden üýşenýär.
''Diýdiler, iýdiler'' aýdymynda puly barka saçak ýazyp, sylag-hormat alan adamlaryň soň, kyn ýagdaýa düşse, 'öz etleriniň iýilýändigi' hem, ýalawly däl, göni aýdylýar.
Umuman, ''Diýdiler, iýdilerde'' Türkmenistanda diýilýän zatlaryň hemişe dogry däldigi, olara ynansaň, gulak assaň, 'ýok bolmak' ähtimallygyň gaty uludygy açyk aýdylýar we, türkmen reallyklaryndan azda-kände habarly bolsaň, protest aýdymçylary, gitaraly nesil bilen ylalaşmazlyk akyldan däl.
''Türkmen talantlarynyň täze, göreşden doly döwrüne hoş geldiňiz! Boş aýdymlara garşy yglan edilen mukaddes söweşde, gitara urşunda ýeňişli günleri uzagyndan görmek hemmämize nesip etsin, çagalarymyz azat ýaşasyn, diňe ýürekden çykan, ýürege ýetýän aýdymlary diňläliň'' diýip, ýewropaly türkmen gülüp hoşlaşdy.