Bizi heläk eden gara sanaw

Şahsy arhiwimi gözden geçirip otyrkam, 2009-njy ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatdan gelen hat öňümden çykdy. Onda Saparmyrat Nyýazowyň 'ynanýan adamy' bolup, ýazyjylaryň 'gara sanawyny' döretmäge hezil edip gatnaşan we soň özi şol sanawa girizilen ýazyjy tanşym öňki prezidentiň beýleki bir 'ynamdar' kadrynyň, Annamyrat Poladowyň ''Türkmenistan'' gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadylandygyny aýdyp, ýurtda döredilen ''gara sanawyň'' sökülmek ähtimallygy baradaky begenjini paýlaşýardy.

''Merhum Nyýazow ýurt garaşsyz bolanyndan soň diňe öz bähbidini bilýän, edebiýata, žurnalistika tötänden düşen Sapar Öräýew, Annamyrat Poladow ýaly körzehinlere, dogry sözüň jellatlaryna metbugatyň ykbalyny ynandy'' diýip, ol Sapar Öräýew hakynda başga zat aýtman, ''gara sanaw'' meselesinde diňe Poladowy garalamaga çalyşýardy.

Onuň tassyklamagyna görä, şol döwürde “Nesil” gazetiniň baş redaktory bolup işleýän Poladow we onuň hemşerileri Nyýazowy mahabatlandyrýan goşgy, makala ýazmaýan ýazyjylaryň, žurnalistleriň garşysyna gizlin göreş yglan edip, olaryň mertebesine, ahlagyna şek ýetirýän myjabatlary ýaýratdylar, ol adamlaryň ýurt garaşsyzlygyna, president Nyýazowyň garşysyna toparlanyşyk döredendigi hakynda oturan-turan ýerlerinde gürrüň etdiler.

Bu gürrüňler dürli ýollar bilen, ylaýta-da wezipeli emeldarlaryň ýardamy bilen, gulagynyň eşiden zadyna ynanýan Nyýazowa ýetirildi we Türkmenistanda döredijilik adamlarynyň gara sanawynyň döredilmegine esas boldy diýip, hatyň awtory ''gara sanawa'' girizilenlerden rehimsiz öç alnandygyny, olaryň işden boşadylandygyny, käbiriniň türmä basylandygyny, maşgala agzalarynyň hem ejir çekendigini gürrüň berýärdi.

''Ýeke ýol bardy – egniňi gysyp, diliňi dişläp, dymmalydy, şony başarmasaň, türme hanhajykgady'' diýip, ol ýurtdaky ýazyjy, žurnalist dymyşlygynyň sebäbini 'açyp görkezýärdi'.

Gelen hatda aýdylmagyna görä, bisowat, asyl käri bazar alyp-satyjysy bolan Poladow öz wezipesinden ýeserlik bilen peýdalanyp, sähel salymda ýurtda giňden tanalýan žurnaliste, publisiste öwrüldi, sebäbi ol käbir ýazyjy-şahyrlara ‘sen-ä döwür bilen aýakdaş makalalar tapgyryny ýazyp, yzynda meniň adymy goýýaň, men bolsam, seniň beýleki ýazan eserleriňe gazetde giň ýol açýaryn' diýýärdi.

''Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabrynda gümürtik ýagdaýda ýogalanyndan soň, Poladow ýurduň baş gazetiniň - Türkmenistanyň baş redakdory wezipesne bellendi. Bu onuň Türkmenistandaky žurnalistleriň ählisine ýolbaşçylyk etjekdigini we edýändiogini aňladýardy. Ine, bu gün bolsa, prezident Gurbanguly Berdimuhmadow Poladowy işinden boşatdy. Eýsem indi Poladowyň 18 ýylyň dowamynda döreden gara sanawy sökülermi, onuň döredijilik wekillerine nädip kast edendigi aýan bolarmy?'' diýip, ýazyjy gara sanawyň saklanyp galmagyndan alada bildirýärdi.

Şeýle-de, ol Poladowyň baş redaktor bolup işlän döwründe, köp ýyllap prezidentiň metbugat secretary bolup işlän Kakamyrat Ballyýewiň goldawy bilen, merkezi gazet-žurnallaryň baş redaktorlygyna 'garaşylmadyk ýerden' bellenen adamlaryň köpüsiniň henizem öz wezipesinde oturandygyny, käbiriniň o ýrden beýleki ýere geçirilýändigini, aslynda olaryň ählisiniň Türkmenistanda gara sanawyň döredilmegine, söz, metbugat azatlygynyň ýok ediilmegine öz goşandygyny goşan adamlardygyny, üstesine korrupsiýadan, parahorlukdan hem çetde durmandyklaryny belleýärdi.

Şol wagt bu hat barada näme pikir edendigim ýadymda däl. Ýöne men Annamyrat Poladowy hiç biri hat ýazmanda-da gowy tanaýardym, onuň bilen bäş ýyl uniwersitetde bile okapdym, duz iýişipdim we ol türkmen döwleti proýektine şeýle uly zyýan ýetirer öýdüp, belki-de öz ýüregime osup, gara pikir etmändim.

Şol bir wagtda, men hat ýazan ýazyjyny, onuň bilen bile söz, metbugat azatlygyna garşy duran we ýurdy häzirki agyr ýagdaýa iteklän beýleki halypa ýazyjylary hem gowy tanaýardym...

Uzyn gepiň keltesi, žurnalistlik işine döwlet Teleradio gepleşikleri komitetinde, Sahy Mämmedowyň /türkmen parlamentiniň öňki başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň kakasy/ şägirdi bolup başlan Poladow 2009-njy ýylyň 11-nji aprelinde taryhy hendegine taşlanan ýaly bolsa-da, 2010-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) başlygynyň orunbasary wezipesine bellenip, görlüp-eşidilmedik sensasiýa etdi.

Sahy Mämmedow ýadymda galypdyr. Ol sowet döwründe plan dolan pagtaçylar barada telereportaž taýýarlaýardy, tejribeli daýhanlar bilen uzyn interwiýular gurnaýardy. Biz, ýaş žurnalist wagtymyz obalara barsak, Sahy Mämmedowyňky ýaly gepleşik edip, telewizora çykarsaňyz, size-de goýun berjekler bar diýýärdiler. Biz oňa žurnalizmiň asyl manynsyna gowy düşünipdir diýip gülýärdik...

Türkmen nakylynda şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter diýilýär.

Aýdylmagyna görä, ''saglyk ýagdaýy sebäpli'' diýilse-de, Poladow baş redaktorlykdan gümrükhanada işleýän inisiniň neşe gaçakçylygyna gatnaşmagy sebäpli boşadylypdyr. Öz sözleri bilen aýdylanda, türkmen halkyna ýok bolmak wehimini salan neşekeşlige garşy göreşen Berdimuhamedowyň ony şeýle ýagdaýdan soň gaýtadan uly wezipe bellemegi köp adam üçin 'geň boldy'.

1990-njy ýyllardan başlanan kadrlar syýasatyna laýyklykda, bir gezek ýokary wezipeden aýrylan ýolbaşçy Türkmenistanda gaýdyp jogapkärçilikli wezipäniň gyrasyndan getirilmeýärdi. Diňe onuň özi däl, çagalary, dogan-garyndaşlary hem 'gara sanawa' düşýärdi. Ýöne Poladow diňe 'gara sanawdan' çykmak bilen çäklenmedi, 2011-nji ýylyň 9-njy iýulynda öň ýitiren işini, "Türkmenistan" gazetiniň baş redaktory wezipesini hem yzyna aldy. Bu, aýdylmagyna görä, türkmen ýolbaşçylaryna şeýle lepbeýçi kadrlara 'örän mätäçligi' bilen bagly.

Şondan soň Poladow hakynda hiç zat eşitmedim. Ýöne Pragada Aşgabatdaky Türkmen-Türk uniwersitetiniň çet ýurt dilleri fakultetinde Poladowyň gyzy bilen bilen okan iňlis dili mugallymy duşup, okuwa redaktor kakasynyň sürüjisi tarapyndan, döwlet ''Mersedesinde'' gatnan gyzyň bir geýen köýnegini ikinji gezek geýip gelmändigini, her gün üç-dört minut gijä galyp gelip, garyp kursdaşlaryna gymmat eşiklerini görkezjek bolandygyny gürrüň berende, güljegimem, aglajagymam bilmedim.

Gepiň gerdişine aýtsam, meniň özüm Türkmeniatnda 1993-nji ýylda, ''Diýar'' žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinden çekilelim bäri gara sanawda durun, döwlet eýeçiligindäki metbugatda ençeme gezek şahsy hüjüme sezewar boldum...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026