Petefiniň erkeklige çagyryşy bize näme üçin gerek boldy?
Wenger halkyny gulçulykdan çykmaga çagyran şahyr Şandor Petefiniň 1847-nji ýylyň ýanwarynda ýazan goşgusynyň türkmençä edilen terjimesi näme üçin birden Türkmenistanda özboluşly çagyryşa öwrüldi?
Bir tarapdan ykbal, nesibe, kysmat, takdyr, ýazgyt barada aýdylanlara 'iki eli bilen ýapyşýan', ikinji tarapdan gara sanawa düşmezligiň çäresini görýän aýdymçylar ykbaly gözüne göni garanlardan waňkyryp gaçýan ganjyga deňän şahyryň sözlerine Joşgun Toýlyýewiň döreden aýdymyny aýdyp, anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, uly toýlarda, kiçiräk üýşmeleňlerde biri-birinden 'köp sagbolsun almakda ýaryşýar'.
Bu hili aýdymlary aýratynlykda, bäş-on sany ynanyşýan adamy bilen diňlemek üçin, bagşylara gowy pul töleýän gurply adamlar hem bar. Olaryň käbiri mertlik hakyndaky aýdymlaryň manysyna düşünse, käbiri diňe düşünýän kişi bolýar, bagşylara pul seçip, özüni 'mert görkezýär' diýip, çeşme aýtdy.
''Geçen asyrlarda öz bagşylarynyň ahlak, mertlik hakynda aýdýan aýdymlaryny diňläp, çar tarapdan çapylýan ýurtlaryny goramaga ruhlanan ata-babalarymyza gerek bolşy ýaly ýaly, bize-de häzir erkekleri gönüläp erkek bolmaga çagyrýan aýdymlar gerek. Bagşylar bu zerurlygy hemmeden gowy bilýär, sebäbi gitdigiçe ruhdan düşýän erkekler olara bu hili aýdymlar üçin aýratyn, tüýs ýürekden, käte gözi ýaşly, aglap diýen ýaly sagbol aýdýarlar'' diýip, ýaş aýdymçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, boş aýdymlary aýdýan bagşylaryň hemmesi bolmasa-da, arasynda il öňüne çykyp aýdýan aýdymlary üçin utanýan, müýn edýän adamlar hem bar. Bu hili bagşylar başga bir bagşy manyly, ilhalar aýdym aýtsa, derrew şol aýdymy aýtjak bolýarlar.
''Dogry, aýdýan aýdymynyň sözüne düşünmeýän, diňe pul gazanmagyň pikirini edýän bisowat bagşy hem köp. Soňky döwürde owadan aýdym diýen aňlatma köpeldi. Sözleri seýrek, lenji çykmadyk bolsa, gulaga ýarasa, manysyna düşünjek bolman, bildirilýän reaksiýa seredip, gowy aýdym diýýänler hem az däl'' diýip, söhbetdeşimiz soňky döwürde toýlaryň berlen pula degmeýän bagşydan dolandygyny, toýlardan soň bu barada kän gürrüň edilýändigini hem sözüne goşdy.
''Aýdym-saz çemeçilleriň eklenç çeşmesine öwrüldi, suwjuk aýdymlar ýönekeý halky has-da ýadadýar, durmuş kynçylyklaryndan ýadan adamlar 'toýa barsam, kelläm has gaty agyrýar, aýdymçylaryň gykylygyna çydamok' diýýärler. Toý bagşylary bu gürrüňleri bilýär.''
Synçylaryň aýtmagyna görä, at-abraýy bilen bilelikde geljegini, ykdysady üpjünçiligini hem pikir edýän bagşylar adamlaryň ýüreginden turýan, olara teselli biolýan aýdymlar bilen köp gyzyklanyp başladylar.
Şandor Petefiniň sözlerine aýdylýan aýdyma dolanyp gelsek, edebiýatçylar Kerim Gurbannepesowyň erkek bolmak baradaky goşgyny /megerem rusçadan/ gowy terjime edendigini, umuman, onuň gowy terjimeçi bolandygyny aýdýarlar.
Kerim aganyň sowet döwründe, ömrüniň soňky ýyllarynda şeýle goşgyny terjime etmegi hem tötänliuk däl. Ol goşgulary, terjimeleri ýa makalasy gazetde çap edilende, hökman diýen ýaly, olaryň çykmagy üçin gol çekilmezinden öň, sahypada okardy.
Ol muny öz goly bilen çykýan zatda otur, nokat ýalňyşy hem gitmezligi üçin edýärdi. Ýöne ol, beýleki sowet intellektuallary ýaly, sowet ýyllarynda eýelemeli bolan çemeçil, pursatparaz pozisiýasy babatynda gürrüň etmäge 'taýýar däldi' we, biz ýaly ýaşlara mertlik hakynda eden terjimesini okap bermekden teselli gözleýärdi.
1980-nji ýyllaryň edebi nesli halyplarynyň ýagdaýyna düşünýärdi we olara gaty-gaýrym söz diýmeýärdi, şol bir wagtda-da olaryň köpüsi esasan özüni gözleýärdi, ýaşulalaryň kemçiligini diňe mejbur bolanlarynda 'görýärdi'.
Kerim aganyň hakykatdanam gowy görüp ýa-da, tankytçylaryň käbiriniň aýdyşy ýaly, 'syýasy abraý' üçin eden terjimesi, häzirki ýaşlara, belki, onuň öz goşgusy ýaly bolup görünýändir. Aýdymçylaryň käbiriniň aýdym soňlananda Kerim Gurbannepesow diýip, gowy eşitdirip aýtmagy, aýdymdaky sözleriň jogapkärçiliginiň meşhur şahyryň 'boýnuna atylýandygyny' yşarat edýär.
Petefiden sowet ýyllarynda edilen terjimäni tapyp, häzir aýdym döreden Joşgun Toýlyýewe, ýaş dörediji hökmünde, gaty gowy düşünse bolar: ol örän köp adamyň ýüregine jüňk boljak sözleri – goşgyny görüpdir we oňa gowy saz ýazypdyr. Şeýle-de ol aýdymy gowy edip aýdypdyr, ýagny, ýerine ýetiripdir.
''Diňlän heziller edinýär, gaty gowy aýdym'' diýip, çeşme aýtdy.
Aşgabatly edebiýat synçysy soňky döwürde hakyky protest manysyndaky aýdymlaryň görnetin köpelendigini we erkeklik baradaky aýdymyň gitaraly türkmenleriň döredýän garşylyk aýdymlarynyň içinde 'gowy orun' tutýandygyny belledi.
''Türkmen häkimiýetleri sowet senzurasyndan geçen eserlere kän 'azar bermeýärler'. Ikinji tarapdan, halk içinde aýdymlaryň sözüne üns berýän, olara çagyryş hökmünde garajak adam az diýen düşünje bar. Şu sebäpden bizde protest aýdymalarynyň geljekde, durmuş kynlaşdygyça, has-da köpelmegi mümkin. Ýene bir mesele döwür we tehniki mümkinçilikler bilen bagly, häkimiýetler halky gepletmän saklamakda barha kän kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar, gitaraly pitneçileriň haýsy birini türmä basjak, olar kän'' diýip, edebiýat synçysy aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, bu terjimäni özüçe üýtgedip, onuň içine 'boýun eg allaha' diýen ýaly sözleri goşup oturan-da, bu aýdymy bir öýde dost-ýary bilen diňläp, 'biz biznesmen, güýçli, söwdagär, Türkmenistanyň sütünleri biz, nesip bolsa, ...Alla jan, bäş gün ýalançyda hemmäiziň abraýymyzy belent etsin, barjak ýerimizem uçmah etsin'' diýip, Petefiniň näme diýýänine düýpden düşünmeýändigini bildirip oturan hem bar.
Iňlisçesi (If You're a Man, Be a Man) bilen deňeşdirseň, rewolýusioner şahyryň goşgusy türkmençä diňe bir däl, geljekde birnäçe şahyr tarapyndan terjime edilse, has gowy boljak ýaly.
Wenger halkynyň gerçek oglunyň Gazawat, Gökdepe uruşlaryndan hem kän öň eden çagyryşynyň soňky ýyllarda türkmen ýüregine aýdym görnüşinde ýol tapmagynyň mümkin bolan sebäpleri hakynda aýdylanda, 40 ýaşlaryndaky türkmen bu ýagdaýy ýurtda güýçlenen 'gitara heňleri', ýol, çykalga gözleýän we şol bir wagtda-da has erjel ýaşlaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrdy.
''Gitaraly bagşylar türkmen sungatyna täzelekçi bolup geldiler, şu sebäpden olara täze, dürli-dürli aýdymlar, başga-başga heňler, halkyň garaşýan, ýöne anyk bilmeýän zatlaryny bermek gerekdi. Meniň pikirimçe, Kerim aganyň eden terjimesi olaryň gözleýän zady bolup çykypdyr. Sebäbi soňky 35 ýyl türkmen erkeklerinde iň ýetmeýän erkeklik boldy, olar aýallarynyň, gyzlarynyň arkasyna bukulyp, eklenç etdiler, tirýek, geroin çekdiler, arak içdiler, çilim çekip, nas atdylar hemem naçar maşgalalara dil uzatdylar'' diýip, daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aýtdy.
Halypamyz Kerim Gurbannepesowyň terjimesini, goşgynyň wengerçeden iňlisçä terjime edilen görnüşini makalanyň soňunda maglumat üçin ýerleşdirmegi makul bildik:
Erkek dek bolgun
Erkek, erkek dek bolgun!
Ýok, gurjak dek bolmagyn!
Ykbalyň elindäki
Oýunjak dek bolmagyn!
Ykbal itiniň sesi
Täsir etmez mertlere,
Boýun egme takdyra,
Kaddyň dikläp, mert ýöre!
Erkek, erkek dek bolgun!
Kowlaşma boş söze!
Ähli Demosfenlerden
Ýegdir birje iş bize.
Gur sen, ur sen, pytrat sen,
Duşmanyňy utup git!
Ähli işiň bitir-de,
Tüweleý dek ýitip git!
Erkek, erkek dek bolgun,
Hakykata maýyl bol!
Dogry zadyň ugrunda
Jan bermäge taýyn bol!
Ynamdan döneniňden
ömrüňden dönen ýagşy.
Binamys ýananyňdan
namysly sönen ýagşy.
Erkek, erkek dek bolgun,
zat üçin söwda etme!
Baýlyk gazanmak üçin,
erkiňi pida etme!
Bütin ömrüň boýuna
şu öwüt häkim bolsun:
Egniň haltaly bolsa-da,
eliňde erkiň bolsun!
Erkek, erkek dek bolgun!
Göreşden etme heder!
Şeýdip bilseň, ne duşman,
ne takdyr zyýan eder!
Diňe ýöräp ýörkäň däl,
Ýatyrkaň-da erkek bol!
Ýykylsaň-da bükülme,
tupan ýykan dub dek bol!
IF YOU ARE A MAN, BE A MAN
If you are a man, be a man
Not a puppet, worthless, weak
That destiny can toss around
For the pleasure it may seek.
Fate is a coward bitch that yelps,
Runs away from the brave
Who is willing to face it,
So don't capitulate!
If you are a man, be a man,
Mere words alone are useless.
Action speaks far better
Than any Demosthenes.
Build or destroy like a storm
And be silent when you are done,
Like the storm when it is finished
Quietly dies down.
If you are a man, be a man,
Have principles and faith,
Adhere to them steadfast
For whatever it takes.
Rather give up your life
A hundred times more
Than deny yourself
And lose your honor.
If you are a man, be a man,
Guard your independence,
Don't ever sell it for
All the world's abundance.
Despise those who for a fat meal
Are willing to sell themselves.
Your slogan should always be:
"Beggar-staff and independence!"
If you are a man, be a man,
Be strong, be brave, be firm,
This way you can be certain
Neither man nor fate can do you harm.
Be an oak that, by a storm,
Might sometimes be felled
But its awesome solid trunk
The wind could never bend.