Käte şeýle-de bolýar
Daşkent kazyýeti Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) öňki işgärlerini we Daşary ýurt zähmet migrasiýasy agentliginiň başlygynyň öňki orunbasaryny özbegistanlylary Günorta Koreýa işlemäge ugratmak bilen baglanyşykly korrupsiýa shemasy esasynda 15-16 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Derňew maglumatlaryna görä, degişli edaranyň işgärlerinden ybarat topar migrant işçilerden resmi töleglerden başga 7000 dollardan 12000 dollara çenli artyk töleg alypdyr, ýöne migrantlar ne iş tapypdyr, ne-de ýurtdan çykypdyr.
Ejir çekenleriň sany ýüzlerçe, ýetirilen zyýan bolsa 90 million dollara golaý diýlip çaklanylýar.
Kazyýet prosesi ýapyk gapylaryň arkasynda geçirildi diýip, ''Azattyk Aziýa'' habar berýär.