Erkekleriň arasynda köpelen zat

Çehiýa maşgalada doglan ikinji çaga üçin 1 million kron bermekçi bolýar.

Premýer-ministr Andreý Babiş ikinji çagasy bolan maşgalalar üçin bir million kron sylagyny, üç çagasy bolan ene-atalar üçin ömürlik salgyt ýeňilliklerini bermegi nazarda tutýar diýip, çeh metbugaty habar berýär.

Şeýle-de, ara alnyp maslahatlaşylýan çäreleriň arasynda okaýan ene-atalara goldaw bermek, çaga seretmek hyzmatlary we has elýeterli ýaşaýyş jaýlary göz öňünde tutulýar.

Çeh Respublikasynda 2025-nji ýylda bary-ýogy 77 600 çaga dünýä indi; bu, 1785-nji ýylda başlanan statistiki hasaba alyşyň başyndan bäri, iň pes görkeziji hasaplanýar.

16-njy sentýabrdaky görkezijä görä, Çehiýanyň ilaty 10,454,248 adamdan ybarat.

Türkmenistandaky demografik ýagdaý barada anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne çagaly maşgalalaryň köpüsiniň 'gaty agyr ýagdaýda ýaşaýandygy' aýdylýar.

Ýerli synçylaryň käbiri, Migrasiýa gullugynyň, DIM-niň we IIM-niň, MHM-niň işinden çen tutulsa,
türkmen döwletliliginiň geljeginiň uly sorag astyna düşendigini, sebäbi bu guramalaryň käbir işgärleriniň öz jübi bähbidini döwlet bähbidinden ýedi esse ýokarda goýýandygyny öňe sürýär.

Sosial media nazar aýlasaň, soňky ýyllarda türkmen dilinde aýal sözüne derek ozal köpçülikde seýrek ulanylan we aýyp görlen söz – 'heleý' sözi köp ulanylýar, sebäbi erkekleriň arasynda heleý köpeldi diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026