Surat

Bagt hakyndaky ýalançylyk kimi bagtly edýär?

Halypa şahyr Kerim Gurbannepesowyň ''Bagtlylyk hakynda'' ýazan propaganda goşgusynyň şu günki gün internetde onlarça müň adam tarapyndan 'hezil edip diňlenmegi' bir tarapdan geň, ikinji tarapdan edebi düşünjäniň nähili peselendigini yşarat edýär.

Sowet döwrüniň goşgularyna şu günüň nukdaý nazaryndan baha bermek, belki, dogry bolmaz. Ýöne ol goşgulary internetde şahyryň öz okamagynda ýa başga birleriniň okamagynda diňläp, geçen asyryň 20-nji, 90-nji ýyllary aralygynda döredilen eserlere şindem dogruçyl baha berilmändigine, okuw kitaplarynyň we metbugatyň 'yzagalaklygyna', milli aň-düşünjäniň yza çekilmegine gynanmaly bolýarsyň.

Bu, elbetde, tötänden, bilmezlikde bolan zat däl.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, gürrüňi edilýän goşgy, soňky onýyllyklarda emeli ýagdaýda köpeldilen sowatsyzlyk bilen birlikde, gaza baý, ilat sany 10 milliona-da ýetmeýän ýurtda döredilýän agyr garyplygyň sebäplerinden, şol sanda azat bazar gatnaşyklaryna hakyky manysynda geçilmegine, kazyýetleriň garaşsyzlygyna we söz, metbugat azatlygyna garşy durýan güýçlerden, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ähli ugurda bozulmagyndan ünsi sowmaga hyzmat etdirilýär.

Garyplyk, gadym wagtlardan gelýän ynanja görä, jenaýatyň enesi hasaplanýar, şol bir wagtda-da ol, zerurlyk bilen bile, açyşlaryň enesi hasaplanýar. Türkmenistandaky garyplyk, belki, geljekde käbir açyşlara getirer, ýöne ol häzirlikçe adamlary barha kän bikanunçylyga itekleýär, sergezdan edýär.

Şol bir wagtda, garyplyk, sabyr-takat, nesibe hakyndaky çig-çarsy goşgular, aýdymlar bilen pul gazanjak bolýanlar, emele gelen agyr ýagdaýdan 'nep gözleýänler' hem bar.

Sowet, kommunist terbiýesini alan adamlar geçmişde baý, beg, molla, işan diýlen ildeşlerini, täjirleri, hatda orta daýhanlary hem 'ýigrenmeli' bolupdy. 'Ýigrenç' eserleriniň henizem 'gowy görülmegi', hakykata ol ýa-da beýleki görnüşde edilýän 'hüjümler' jemgyýetdäki ruhy sagdynlygyň peýdasyna däl.

Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlaryň, ýazyjylaryň köp eseri durmuş reallyklaryny sowet ideologiýasyna görä ýoýmaga, durmuş hakykatyny inkär edip, gara güýç bilen boýna dakylýan ýalany kadalaşdyrmaga ýykgyn edýärdi.

Şu günki günde Gündogaryň uly akyldarlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly Pyragy hem bir zaman söwda buržuaziýasynyň bähbitlerine hyzmat etmekde aýyplanypdy.

Sowetleriň zorlukly kollektiwleşdirmesine, kolhoz gurluşygyna garşy bolan, öz emlägini goramak üçin ýaragly göreşe çykan türkmenler Garagumda Gyzyl goşunyň esgerleri tarapyndan köpçülikleýin öldürilende, ''wagşy'' diýilýän adamlaryň käbiriniň ýanyndan türkmen klassyklarynyň goşgular diwany çykýardy we bu öz hakykatyny goraýanlaryň ''köne dünýäniň garaňkylygynda'' galandygyna, diýmek, ''ýok edilmelidigine'' galp subutnama bolýardy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda çykan okuw kitaplarynda sowet döwründe tanymallyk gazanan, eserleri mekdep programmalarynda öwredilýän ýazyjy-şahyrlaryň mejbur bolup, diňe eklenç we wagtlaýyn at, şöhrat üçin ýazan, ýüreginden ýazmadyk eserlerine şu güne çenli hem dogruçyl, töwerekleýin baha berilmeýär.

Hatda olaryň terjimehallaryndaky 'ak tegmiller', 1930-njy ýyllarda nähili aýyplamalar esasynda türmä basylandygy, ýa-da Ikinji jahan urşuna gatnaşmakdan nädip 'gaçandygy' we bu meselede döwlet propaganda maşynyndan nähili peýdalanandygy barada hem hiç bir gürrüň edilmedi.

Bu ýagdaý, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Türkmenistanda dekolonizasiýa prosesiniň togtadylmagy bilen bagly bolup, öňki SSSR-i dikeltmekçi bolýan gara güýçleriň basyşlary esasynda döredi we saklanýar.
''Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlaryň çemeçil eserleriniň 'ikinji ömri' SSSR-iň gaýtadan dikeldilmegi baradaky inçe umyt bilen bagly'' diýip, aşgabatly edebiýat mugallymy aýdýar.

Onuň pikiriçe, bikanun baýan, dollarda millioner ýa milliarder bolan azlygyň doýmaz-dolmaz açgözlügine garşy aýdyp bolmaýan zatlary gytaklaýyn ýaňzytmak bilen, bu goşgyny internetde ýerleşdirýänler, belki, özlerine, günleriň bir güni gazaba münmegi mümkin garyplaryň we zähmet migrantlarynyň ýüreklerine teselli gözleýär.

Uzaga gitmän, gürrüňi edilýän goşga geleliň.

Şahyr bu eserini işçiniň spekulýant, alyp-satar goňşusyna ýazan açyk haty görnüşinde ýazypdyr. Baýlar, kulaklar diýilýänler we beýleki 'zyýanly elementler' ýok edileninden soň, sowetleriň ýene bir synpy duşmany, öňki täjirleriň kesbini dowam etdirýän, alyp-satýan adamlar galypdy.

Bu hili adamlar başga şäherlere gidip, ol ýerden getiren zatlaryny peýdasyna satýardylar, döwlet dükanlaryndan, ammarlaryndan gizlinlikde, pul berip alan harytlaryny peýdasyna satyp, gazanç edýärdiler. Ýöne olar kän däldi we beýle uly baýlyk toplap bilmeýärdiler.

Kerim aganyň goşgusy, häzirki hökümetçi baýlar, döwlet goldawy, wezipe, para-peşgeş arkaly gurplanan adamlar bilen deňeşdirilende baý diýip bolmajak adamyň aýdan bir sözlemine – ''Işçiler öz alýan şojagaz aýlygy bilen nädip oňýarka?'' diýen soragyna bildirilýän gahar, gazap bilen başlanýar.

Işçi aýlygynyň hakykatdan hem azdygyny inkär etmeýär, ýöne özüniň bir günlük baýlygyny alyp-satar goňşusynyň bir ýyllyk baýlygy bilen hem deňäp bilmejekdigini öňe sürýär. Ol goňşusyny 'puldan başga zady bilmezlikde' aýyplaýar, 'bizde gul diýilýän zat ýok, ýöne sen haram puluň elindäki gul' diýýär.

Kerim aganyň hyýalyndaky işçi bäri-bärde durmaýar. Sowet ýazyjy-şahyrlary bu hili bir taraply demagogiýa hemişe ökdedi.

Goşguda spekulýantyň agasy ölüm ýassygynda ýatyr, ol onuň halyny soramaga gitmän, gazanan puluny sanaýar, arak içýär, börek iýýär, gör, nähili ýüreksiz adam, emma işçi onuň agasyna gyzgyn nahar äkidýär, şu sebäpden, jübüsinde müňlükler bolmasa-da, ol 'baý' goňşusyndan müň esse bagtly.

Spekulýant 'men syrkaw, işli' diýip, obada ýogalan dostuny jaýlamaga-da gitmeýär, işçi bolsa merhumyň tabydyny egninde göterip, ondan 'müň esse baý we bagtly' bolýar. Hatda spekulýant pul diläp gelen ejesiniň hem dilegini bitirmeýär. Işçi bolsa şol wagt, aýlygy az bolsa-da, ejesi bilen ondan 'müň esse baý we bagtly' ýaşaýar.

Goşguda aýdylmagyna görä, spekulýant kitap, goşgy hem okamaýar, Magtymgulynyň kitabyny hem oňa ogly getirip beripdir. Emma ol şahyryň dogrulyk hakyndaky ýeke sözüni hem beýnisine ýerleşdirip bilenok. Işçi bolsa, her agşam Puşkiniň, Pyragynyň, Nowaýynyň, Geýnäniň goşgularyny okaýar we, maşgalasy bilen, ondan 'müň esse gurply we bagtly' bolýar.

Iň ýamany, spekulýant puluny sanap, gijelerine aýalyny hem ýatdan çykarýar, işçi bolsa, aýalynyň ''Kä lebinden, käte gözünden ogşap'', söýgüli ýary bilen ondan müň esse baý bolýar...

Sowet döwründe bu hili ideologiýa, propaganda goşgulary köp ýazyldy we edebiýatçylar baryp 1980-nji ýyllaryň birinji ýarymynda olaryň eýýäm 'ölendigini' öňe sürýärdiler. Muny Kerim Gurbannepesow hem bilýärdi.

Sebäbi ol heniz dirikä bazarda alyjydan satyjy köpelipdi, kolhoz-sowhozlarda işläp, çagalaryň bil ýyl boýy bil büküp, maňlaý deriňi döküp, döwlet tabşyrygy esasynda önüm öndürip, gurluşykda işläp, adam ýaly ýaşamagyň tas mümkin däldigini hemmeler bilýärdi. Bu meselede haryt alyp satýanlara, başga çykalga gözleýänlere, töwekgellige baş urýanlara 'sögüp', olary 'günä geçisi' etmekden peýda ýokdy.

Ömrüniň soňky ýyllary sowet jemgyýetinde başlanan ‘aç-açanlyga’ gabat gelen şahyr, hakykatda edebiýata garanda döwlet propagandasyna, wagtlaýyn ideologiýa köp hyzmat edip, öz sözleri bilen aýdylsa, ‘spekulýant’ bolupdy.

Berk döwlet senzurasy astynda işleýän metbugatda aýdylmasa-da, ýazyjylar öz aralarynda onuň sowet hökümetiniň Aşgabatda geçirýän paradlarynda Juma Ýazmyradowyň we beýlekileriň gygyryp okamagy üçin ýazýan dabara sözlerine tölenýän 'gowy pula' gaty begenip, käte muny dilinden sypdyrýandygy hakynda gürrüň edýärdiler.

Eger-de türkmenistanlylaryň şu günki kynçylyklaryň arkasynda sowet döwründäki we soňky 'beýni ýuwmalarynyň' ýatandygy barada pikir edilse, bu pikirler açyk aýdylsa, ýaş nesliň öz bilim-düşünjesine maýa ýatyrmagy, diýmek, her hili ýagdaý bolanda-da başyny çarap, garyp, mätäç, eziljek adam bolmazlygy üçin peýdaly bolardy.

Bu meniň pikirim, onuň bilen ylalaşman hem bolar, men ony hiç kimiň boýuna dakmak islemeýärin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026